«Mançester Siti» Angliýanyň Premýer ligasynyň jemleýji tapgyrynda "West Hemi" 3:1 hasabynda utup, yzygider dördünji gezek çempionlyk titulyny eýeledi. Bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen "Siti" 91 utuk toplady we ýaryşy ikinji ýerde barýan "Arsenaldan" iki utuk öňde tamamlady. Hosep Gwardiolanyň şägirtleri taryhynda onunjy we soňky ýedi ýylda altynjy çempionlygyny gazandylar. Bu baýrak Gwardiola üçin "Mançester Sitide" 2016-njy ýyldan bäri 17-nji baýrakdyr. 25-nji maýda "Siti" 18-nji baýragy üçin, ýagny Angliýanyň Kubogyny almak ugrunda finalda "Mançester Ýunaýted" bilen duşuşar. APL-de "Mançester Sitiden" başga-da Çempionlar ligasyna «Arsenal», «Liwerpul» we «Aston Willa» çykdy. «Tottenhem» Ýewropa ligasynda, «Çelsi» bolsa Konferensiýalar ligasynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Jedwelde soňky üç orny eýelän «Luton Taun», «Bernli» we «Şeffild Ýunaýted» Çempionşipe düşdüler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir