Throttle House YouTube ýaýlymynda gibrid kuwwatly täze Toyota Camry 2024-iň Honda Accord Hybrid we öňki nesil Camry TRD V6-nyň bäsleşýän dreg-ýaryşynyň wideosyny çap etdi diýip, IXBT ýazýar. Ilkinji ýaryşda gibrid Camry 2024 (232 at güýji, 1655 kg) Honda Accord Gibrid-i (204 at güýji, 1606 kg) badalgada hem, hereket wagty hem öňe yzda galdyrdy. Muňa garamazdan, ikinji ýaryşda “Camry TRD V6” (301 at güýji, 1620 kg) 2024-nji ýylda öndürilen Camry Gibridini iki ýaryşda-da, badalgada hem, hereket wagty hem ýeňdi. Wideonyň awtorlary täze Camry 2024-iň gündelik ulanmak üçin ýeterlik dinamikasynyň bardygyny, şeýle hem Camry TRD V6 bilen deňeşdirilende, enjamlara has baýdygyny bellediler. Täze “Camry”-leriň ählisiniň diňe 4 silindrli gibrid hereketlendirijilidigini bellemelidiris.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir