Arheologlar uzakdan zondirleme usulyny ulanyp, Müsürdäki Giza gonamçylygynyň golaýynda ýeriň astyndan L görnüşli syrly desgany tapdylar. Alymlar munuň nähili desgadygyny we nirä eltýändigini heniz bilenoklar diýip, Archaeological Prospection žurnalyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar. Bu täsinlik ýeriň astyndan, iki metr çuňlukdan tapyldy. Onuň uzynlygy azyndan 10 metr bolup, çäge basypdyr. Alymlar munuň ýerasty girelge bolup biljekdigini çaklaýarlar, ýöne nirä alyp barýanyny indi anyklamaly. Desganyň günbatar böleginde şa maşgalasynyň agzalary we ýokary derejeli hökümet işgärleri jaýlanypdyr. Mazarlaryň köpüsinde tekiz üçekli ýerüsti gönüburçly daş ýa-da toýun kerpiçden gurluşlarynyň - mastabalarynyň bardygy bellendi. Emma, gonamçylygyň merkezinde hiç hili ýerüsti desga ýok ýeri hem bar. Gözlegçiler täsinligi tapmak üçin elektrik garşylyk tomografiýasy (ERT) we georadiolokasiýa (GPR) usullaryny ulandylar. ERT alymlara elektrik toguny ýere ibermäge we garşylygy ölçemäge mümkinçilik berýär, GPR bolsa ýeriň astyndaky desgalary gözlemek üçin elektromagnit tolkunlaryň impulslaryny ulanýar. Häzir alymlar syrly desga barada has giňişleýin maglumat almak üçin gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýärler. Häzirlikçe diňe bir zat düşnükli - bu “däliziň” gelip çykyşy tebigy däl – beýle bolardan burçlary juda ýiti.