Astronomlar Ýeriň ululygyndaky täze ekzoplanetany tapdylar. SPECULOOS-3 b diýlip atlandyrylan bu obýekt bizden bary-ýogy 55 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we aşa sowuk gyzyl kindiwanja ýyldyzyň daşyndan aýlanýar diýip, Nature Astronomy žurnaly ýazýar. SPECULOOS-3 b-de bir ýyl, takmynan, 17 sagat dowam edýär we dartyş güýçleriniň hereketsizligi sebäpli planetanyň bir tarapy hemişe ýyldyzyna tarap bakýar, beýleki tarapynda bolsa baky gije dowam edýär. Onuň daşyndan aýlanýan ýyldyzynyň Günden, takmynan, iki esse salkyndygy we ýüz esse ýeňil hem-de tutuksydygy bellendi. Planeta aşa sowuk kindiwanja ýyldyzlarynyň daşyndan aýlanýan ekzoplanetleri gözlemek üçin döredilen SPECULOOS (Search for Planets EClipsing ULtra-cOOl Stars) taslamasynyň çäklerinde tapyldy. Taslama Belgiýanyň Lýež uniwersiteti Birmingem, Kembrij, Bern we Massaçusets tehnologiýalar instituty bilen bilelikde ýolbaşçylyk edýär. Aşa sowuk kindiwanja ýyldyzlar diýseň kän ýaýran, olar Akmaýanyň ýolundaky ýyldyzlaryň takmynan 70%-ini emele getirýär, ýöne ýagtylygynyň öçügsiligi olary tapmagy kynlaşdyrýar.