Red Bull-yň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Imolada (Emiliýa-Romanýa, Italiýa) “Formula 1” tapgyrynda ýeňiji boldy. Pellehana ikinji bolup gelen Lando Norris (McLaren) ondan 0,7 sekunt yza galdy. Ilkinji üçlügi Şarl Lekler (Ferrari) ýapdy. Werstappen bu möwsümdäki ýedi ýaryşyň bäşisinde ýeňiş gazandy. Imoladaky ilkinji onluga şeýle hem: 4. Oskar Piastri (McLaren); 5. Karlos Saýns (Ferrari); 6. Lýuis Hemilton (Mersedes); 7. Jorj Rassel (Mercedes); 8. Serhio Peres (Red Bull); 9. Lens Stroll (Aston Martin); 10. Ýuki Tsunoda (RB) girdi. “Formula 1”-iň indiki tapgyry 26-njy maýda Monakodaky şäher aýlawynda geçer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir