Norwegiýada özboluşly belent binanyň gurluşygy tamamlandy, onuň içinde amatly temperaturany saklamak üçin elektrik togy ulanylmaýar diýip, New Atlas ýazýar. Snøhetta binagärlik býurosy tarapyndan taslamalaşdyrylan, Vertikal Nydalen diýlip atlandyrylýan bina assimetrik görnüşe eýe we iki sany özara birleşdirilen diňden ybarat. Bu dizaýn goňşy jaýlaryň ýaşaýjylary üçin görnüşiň saklanmagyna mümkinçilik berýär we binanyň golaýyndaky ýere Gün şöhlesiniň düşmegini üpjün edýär. Binanyň daşky görnüşi wagtyň geçmegi bilen reňkini goňurdan çal reňke öwürjek sosnadan ýasalan. Öňe çykyp duran polat balkonlary ýyly agaç bilen kontrastlaşýar. Binanyň içinde birinji gatda restoranlar, onuň ýokarsynda ofis jaýlary we ondan ýokarky gatlarda bolsa 40 öý bar. Vertikal Nydaleniň energiýa netijeliliginiň syry - geotermiki energiýany, tebigy howa çalşygyny we Gün panellerini ulanýan “üç nolly çözgüt” ulgamynda. Çuň guýular möwsüme baglylykda binany ýyladylyşyny ýa-da sowadylyşyny üpjün edýär. Üçekdäki Gün panelleri ýylylyk nasosy üçin elektrik energiýasyny öndürýär, binanyň hemme ýerinde goýlan uly penjireler bolsa tebigy yşygyň düşmegini aňrybaş üpjün edýär. Howa kanally we ýelejiredijili adaty howa çalşygy ulgamynyň ýerine Vertikal Nydalen arassa howany üpjün etmek üçin awtomatiki açylýan uly ýelejirediş deşiklerini ulanýar. Binanyň eňňit diwarlary hem howa aýlanyşygyny gowulandyrmaga niýetlenendir. Bina energiýa sarp edilişine gözegçilik edýän datçikler bilen enjamlaşdyrylyp, ony optimizirlemäge kömek edýär. Ofis jaýlarynda binanyň rahatlygy we netijeliligi barada seslenmeleri galdyrmak üçin stollarda smartfon bilen skanirläp bolýan QR-kodlar bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir