IXBT-iň habar bermegine görä, Volkswagen Günorta Afrikada Polo sedanynyň turbo görnüşli hereketlendirijili we baý enjamly täze görnüşini çykardy. Täze modifikasiýa 178 N•m aýlaw pursadyny berýän 116 at güýji bolan turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Motor 6 tizlikli Tiptronic awtomatiki geçiriş bilen jübütlenendir. Utgaşdyrylan aýlawda ýangyç sarp edişi 100 kilometre 6,3 litr, sagatda 0-dan 100 km tizlige 11,5 sekuntda çykýar. Polo-nyň täze wersiýasynda hrom bezegi, 17 dýuýmlyk teker, ýagyş datçigi, ýasama deri bezegi we depesinde lýugy bar. Turbo hereketlendirijili Volkswagen Polo-nyň bahasy takmynan 23 000 dollar. Deňeşdirmek üçin, atmosfera 1,6 litrlik hereketlendirijili we mehaniki geçirişli modeliň esasy wersiýasynyň bahasy, takmynan, 19,600 dollar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir