Arheologlar Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Al-Sinniýa adasyndan birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar sebitiň irki taryhyny açýar diýip, BAE-niň Syýahatçylyk we arheologiýa departamentine salgylanýan Miami Herald ýazýar. 2023-nji ýylyň mart aýynda tamamlanan gazuw-agtaryş işleriniň biri gadymy dürçüleriň şäheriniň harabalyklarynda geçirilipdi. Arheologlaryň bellemegine görä, azyndan 1600 ýyl ozal bu ýerde durmuş gaýnap-joşupdyr we dür işläp bejeriş senagaty gülläp ösüpdir. Hünärmenler çen bilen Mesopotamiýadan getirilen köp sanly uly küýzeleriň üstünden barypdyrlar. Indi alymlar tapylan artefaktlaryň ikisinde birinji we dördünji asyrlara degişli arameý ýazgylarynyň bardygyny anykladylar. Bu harabalyklaryň taryhy çeşmelerde agzalýan ýitip giden Tawam şäherine degişlidigi bellendi. Müňlerçe ýyl bäri sebitiň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan dür gözlemek bu ýerde ençeme asyrlaryň dowamynda gülläp ösüpdir. Adanyň Deýr-as-Siniýa diýlip atlandyrylýan başga bir böleginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri hem gyzykly tapyndylary berdi. Departament tarapyndan çap edilen suratlarda kenar ýakasyny syryp uzap gidýän daş diwarlaryň setiri görkezilýär. Görnüşine görä, olar köp sanly gönüburçly saklawjaýlary emele getirýär. Adada soňky dört ýylyň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri dowam etdirilse gerek.