Lourens Wong Singapuryň dördünji premýer-ministri hökmünde kasam kabul edip, wezipä girişdi. Bu soňky 20 ýylda ýurduň ýolbaşçylygynyň ilkinji gezek çalşylmagydyr diýip, CNA portaly habar berýär. Şeýlelikde, 51 ýaşly Wong uly ministr hökmünde Ministrler Kabinetinde galjak 72 ýaşly Li Sýanlunyň ornuny resmi taýdan çalyşdy. Wong iňlis, malaý we hytaý dillerinde çykyş edip, köpmilletli Singapuryň bitewilik ýörelgelerinden ugur almaga ygrarlydygyny görkezdi. “Şu günki gün diňe bir häkimiýetiň çalyşmagy bilen däl, eýsem nesilleriň çalyşmagy bilen belli bolar. Men ýurt garaşsyzlygyny alandan soň doglan Singapuryň ilkinji premýer-ministri. Meniň neslimiň taryhy – bu garaşsyz Singapuryň taryhy” – diýip, Wong belledi.