UEFA iki klubuň hem Çempionlar ligasynyň indiki möwsümine gatnaşyp bilmekleri üçin “Mançester Sitiniň” eýelerinden “Žironadaky” paýynyň bir bölegini satmagyny talap edýär diýip, The Times habar berýär. Sebäbi iki klub hem bölekleýin şol bir holdingiň - City Futbol Group-yň eýeçiligine degişli. UEFA-nyň düzgünlerine görä, umumy eýeleri bolan toparlar Ýewropanyň kubogynyň şol bir ýaryşynda oýnap bilmeýärler. 2017-nji ýylyň tomsunda “Mançester Sitä” eýeçilik edýän City Futbol Group holdingi “Žironanyň” 44,3% paýyny satyn aldy we üç ýyldan soň klubdaky paýyny 47%-e çykardy. Indi “Žirona” 3-nji iýuna çenli “Mançester Sitä” garaşsyzdygyny subut etmeli. Munuň üçin City Football Group klublaryň birindäki paýyny 30%-e çenli azaltmaly. Ýogsam, Kataloniýanyň kluby Çempionlar ligasyndaky ornuny ýitirip biler, La Ligada bäşinji ýeri eýeleýän bilbaoly “Atletik” hem onuň ornuna geçmäge mümkinçilik alar. UEFA-nyň ozal “Mançester Siti” bilen “Žirona” öz aralarynda transfer etmegi gadagan edendigini bellemelidiris. Bu çäklendirme 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir