Google söhbetdeşlik guramagy, dürli çeşmelerden maglumatlary gaýtadan işlemegi we söhbetdeşligiň mazmunyny ýatda saklamagy başarýan täze emeli aň kömekçisi Gemini Live-i anons etdi. Onuň tanyşdyrylyşy her ýyl geçirilýän Google I/O konferensiýasynda boldy we onda kompaniýa emeli aň ulgamyna esaslanýan birnäçe innowasion önümlerini hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär. Täze kömekçi adaty ses kömekçilerinden birnäçe artykmaçlyga eýe: - Gemini Live diňe bir tekst we ses bilen däl, eýsem wizual maglumatlar bilen hem işleýär. - Jogaplar şol pursat diýen ýaly döredilýär, bu hem akgynly we tebigy söhbetdeşligi üpjün edýär. - Kömekçi söhbetdeşligiň mazmunyny ýatda saklamaga ukyplydyr, bu bolsa çylşyrymly söhbetdeşligi alyp barmaga we belli bir wagtdan soň şol gürrüňe gaýdyp gelmäge mümkinçilik berýär. Bir gün öň şeýle mümkinçiligi bolan rewolýusion kömekçini OpenAI görkezipdi. Gemini Live ilki Gemini Advanced çat-botly Google One AI Premium abunaçylary, soň beýleki ulanyjylar üçin elýeterli bolar.