Finlýandiýanyň Fortum we Helen kompaniýalary iň uly ýel generatorlarynyň parklarynyň biriniň gurluşygyny tamamladylar. Bu barada TASS habar berýär. Finlýandiýanyň günbatarynda ýerleşýän bu park 56 sany ýel turbinasyndan ybarat bolup, ýylda 1 TWt/s-den gowrak energiýa öndürmäge ukyplydyr. Bu ýurtdaky ýel energiýasynyň umumy önümçiliginiň 5%-ini emele getirýär. Fortum ýel elektrik stansiýasynyň paýnamalarynyň 60%-ine, Helen 40%-ine eýeçilik edýär. Soňkusy elektrik stansiýasynyň hyzmat ediş möhletiniň dowamynda öndürilýän energiýanyň, takmynan, 50%-ini satyn almak isleýär. Ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy 2022-nji ýylda başlady we bellenilen möhletde tamamlandy. Uly ýel turbinalaryny daşamak uly göwrümli ýüklere ýöriteleşdirilen Kaskinen portunyň üsti bilen amala aşyryldy. Uly ýel turbinalaryny gurnalýan ýere daşamak üçin 728 gatnaw gerek boldy. Ýel elektrik stansiýasy Nýarpiýo we Kristiinankaupunki sebitleriniň ykdysadyýetine uly täsir eder. Ýer kärendesinden we emläk salgydyndan gelýän girdejiler ýylda millionlarça ýewro bolar.