Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat öz işine başlady. “Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýär. Şeýle hem döwlet Baştutany bu halkara maslahatyň Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi. Beýik akyldaryň şanly ýubileýine bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem gatnaşarlar. Aşgabatdaky medeni ojaklara, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine we ol ýerdäki medeni maksatly edaralara baryp görerler.