Samsung Apple kompaniýasynyň iPad Pro bilen bagly soňky dawaly mahabatynyň üstünden gülmek mümkinçiligini elden gidirmedi. Kompaniýa bu mahabata jogap hökmünde dürli päsgelçiliklere garamazdan, döredijiligiň gülleýändigini görkezýän wideony çykardy. Bu barada ixbt.com habar berýär. Ýatlap geçsek, ýakynda hödürlenen Apple-iň “Crush” mahabaty köpçüligiň arasynda dürli garaýyşlary döretdi. Onda gidrawliki press dürli sungat we döredijilik predmetlerini ýok edýär we wideonyň ahyrynda täze iPad Pro peýda bolýar. Köp internet ulanyjylary we tanymal adamlar, aýratynam, sazandalar we suratkeşler bu wideony döredijiligiň tehnologiýalar tarapyndan basylyp ýatyrylmagynyň metaforasy hökmünde kabul etdiler, bu hem Apple-iň adyna tankytlaryň gelmegine getirdi. Kompaniýa ötünç sorap, wideonyň telewideniýede görkezilmegini ýatyrmaga mejbur boldy. Samsung bu mahabata jogap wideosynda Apple-iň mahabatyndan galan döwük zatlaryň arasyndan döwlen gitarany tapýan gyzy görkezýär. Gyz Galaxy Tab S9 Ultra planşetini ulanyp, saz çalýar we şonuň bilen döredijilige hiç bir zadyň päsgel berip bilmejekdigini görkezýär. Samsung-yň wideosynyň ahyrynda bolsa “Döredijiligi ýok etmek mümkin däl” diýen ýazgy peýda bolýar.