OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Suskewer kompaniýadan gidýändigini mälim etdi. Bu barada TASS habar berýär. “Men tas on ýyldan soň OpenAI-den gitmek kararyna geldim. Meniň üçin siz bilen bilelikde işlemek uly hormat boldy” – diýip, ol X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Suskewer gitmeginiň sebäbini görkezmedi, ýöne ýakynda üstünde işleýän täze taslamasy barada maglumatlar bilen paýlaşjakdygyny belledi. OpenAI-iň baş müdiri Sem Altman, öz gezeginde, Suskeweri öz nesilleriniň “iň beýik aňlarynyň biri” diýip atlandyrdy. Kompaniýada Suskeweriň ornuny ylmy gözlegler boýunça müdir Ýakub Paçoski eýelär. OpenAI “emeli aňyň howpsuz we bähbitli ösüşini üpjün etmek” maksady bilen 2015-nji ýylda esaslandyrylan täjirçilik däl gözleg barlaghanasydyr. Ol söhbetdeşlik režiminde işlemäge ukyply bolan emeli aňly çat-bot ChatGPT-ni döretdi. Ulgam soraglara jogap bermäge, dürli dillerde tekst döretmäge we kod ýazmaga ukyplydyr. Öň, biz täze we has ösen dil modeli GPT4o barada habar beripdik.