Hytaý çölünde düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin ýolyşyklar goýuldy diýip, Oddity Central ýazýar. Ýolyşyklar Gansu welaýatynda gurnaldy. Munuň sebäbi her ýyl maý aýynyň başynda ýerli çölde geçirilýän baýramçylyk sebäpli, ol ýere müňlerçe adamyň gelýändigi we düýelerde gezmelemegiň esasy güýmenjeleriň birine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýerli häkimiýetler haýwanlaryň we düýelileriň hereketini düzgünleşdirmek üçin şeýle ädim ätdiler. Mundan başga-da, guramaçylaryň aýtmagyna görä, festiwal döwründe düýeleriň dyknyşygy emele geldi, goýlan ýolyşyklar bolsa bu meseläni-de çözmäge kömek etdi. Syýahatçylar hem ýagdaýy çözmek üçin şeýle çemeleşmä ýokary baha berip, şular ýaly zady hiç ýerde görmändiklerini aýtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir