14-nji maýda Stambulda Tebigy gaz ulgamynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Degişli resminama Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mihail Jabbarowyň duşuşygynyň jemi boýunça gol çekildi diýip, Nebit-Gaz gazeti TRT türk ýaýlymyna salgylanyp habar berýär. Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Baýraktar metbugat maslahatynda çykyşynda gol çekilen resminamada Azerbaýjandan we Hazar sebitinden Türkiýä, şeýle hem Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa goşmaça gaz möçberlerini ibermegiň göz öňünde tutulandygyny belledi. “Mundan başga-da, biz Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä ibermegi ylalaşdyk” – diýip, ministr belledi.