Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” serialynyň täze epizodlarynyň premýerasy 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Netflix striming hyzmatynda bolar. Ikinji möwsümiň çykjak senesini filmiň ýyldyzy Li Jon-je aýtdy. “Ikinji möwsüm dekabr aýynda çykarylar” diýip, aktýor Business Insider bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Netflix heniz bu maglumaty resmi taýdan tassyklamady. Şeýle-de, Jon-je gyzyklanmany saklamak üçin sýužet barada maglumatlar bilen paýlaşmakdan ýüz öwürdi. Ýatlap geçsek, “Kalmar oýny” pul üçin ölüm howply oýna baş goşýan adamlar barada gürrüň berýär. Serial 2021-nji ýylda Netflix-de görkezildi we dünýä boýunça millionlarça tomaşaçylary göni özüne çekmegi başardy. Ol meşhurlyk gazanyp, platformanyň taryhynda iň köp görülýän taslama boldy. 2023-nji ýylda Netflix serialyň esasynda “Kalmar oýny: Çagyryş” şouwyny çykardy. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Li Jon-je başga bir uly taslamada – Disney+-den “Ýyldyz söweşijileri: Akolit” serialynda peýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir