Bornmut simfoniki orkestri (BSO) 19-njy maýda Voices from the East (Gündogar owazlary) festiwalyny türkmenleriň nusgawy kompozitory Çary Nurymowyň sazy bilen açar. Orkestriň web sahypasy bu çäräniň Londonda geçiriljekdigini habar berdi. Bu çäräniň öňüsyrasynda, ukrainaly dirižýor Kirill Karabisiň ýolbaşçylygyndaky orkestr öz ýerine ýetirmeginde Ç.Nurymowyň “Epgegiň ölümi” (“Гибель Суховея”) baletinden sýuitanyň ýazgysyny çykardy. 17-nji maýda ýazgy Apple Music akym platformasyna çykdy. Voices from the East taslamasy – bu türkmenistanly, azerbaýjanly, gruziýaly, ermenistanly we dirižýor Kirill Karabisiň ata watany bolan ukrainaly kompozitorlaryň sazlaryna bagyşlanan konsertler. Festiwalyň çäklerinde Roýal-Festiwal Holda (2700 orunlyk) üç konsert, şeýle hem Sautbenk merkeziniň jemgyýetçilik ýerlerinde leksiýalar we mugt çykyşlar bolar. Çäreleriň tertibi: • 13:00 - “Voices from the East: Azerbaýjan we Türkmenistan” • 16:00 - “Voices from the East: Gruziýa we Ermenistan” • 19:30 - “Voices from the East: Ukraina” Ilkinji konsertiň meýilnamasyna Çary Nurymowyň (1940-1993) 2-nji simfoniýasy, şeýle hem azerbaýjan kompozitorlarynyň eserleri - Frangiz Ali-Zadeniň (1947-nji ýylda doglan) “Ertekileri” we Gara Garaýewiň (1918-1982) “Ýedi gözel” baletinden sýuta girýär. Ikinji konsert diňleýjileri Giýa Kançeliniň we Awet Terterýanyň 3-nji simfoniýasy arkaly Gürjüstanyň we Ermenistanyň saz dünýäsine aýlar. Günüň jemleýji konsertinde Tomas de Hartmanyň we Boris Lýatoşinskiniň eserleri, şeýle hem BSO-nyň kompozitor-rezidenti Anna Korsunyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ilkinji gezek Karabis we BSO tarapyndan ýerine ýetirilen “Terrikony” ýaňlanar. Nurymowyň 1984-nji ýylda ýazylan ikinji simfoniýasy Indira Gandiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar - kompozitor bu sazy onuň janyna kast edilenden soň döretdi. Karabisiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň bu sazy eýýäm ýerine ýetirendigini bellemelidiris – onuň premýerasy 2022-nji ýylda Dorsetde bolupdy. Bornmut simfoniki orkestri 1893-nji ýyldan bäri işleýär. Voices from the East festiwaly BSO-nyň Kirill Karabis bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir. Üstümizdäki möwsümde Karabis orkestriň baş dirižýory hökmünde 15 ýyllyk işini tamamlaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir