Abercrombie & Fitch, Forever 21, Boot Barn, Shein we Lulus ýaly esasy egin-eşik kompaniýalary önümleriniň görnüşlerini köpeldip başladylar diýip, CNN habar berýär. Toý nysagynda täze ugruň ünsi gymmat we pajarly köýneklerden bahasy amatly oňaýly we gelşikli görnüşlere geçirýändigi bellendi. 2023-nji ýylda toý köýneginiň ortaça bahasy 2000 dollar bolup, bu köp adam üçin toýy elýetersiz gymmatlyga öwürdi. Meşhur brendleriň täze kolleksiýalar 80 dollardan 270 dollar aralygyndaky köýnekleri hödürleýär, bu ajaýyp toý arzuwyny has köp adam üçin elýeterli edýär. Bahada elýeterlilikden başga-da, bu brendler amatlylygy we saýlamaga giň mümkinçilikleri hödürleýär. Gelinlikler salonlarda köýnekleri deňäp görmek üçin birnäçe sagatlaryny ýitirip, ýadamagyň deregine, göwnüniň küýsän we býujetine laýyk köýnegi derrew tapyp bilerler. Önümçilik boýunça hünärmenleriniň pikirine görä, täze ugur, esasanam, ýaşlaryň arasynda täze çatynjalaryň islegleriniň üýtgeýändigini görkezýär: olar indi ykjamlygy, öz aýratynlygyňa görä geýinmekligi ileri tutýarlar we bir gün üçin ummasyz pul sarp etmek islemeýärler. “Ýaşaýşyň bahasynyň gymmatlamagy ýaşlara täsir etdi we olar indi tygşytly bolmaga ýykgyn edýärler. Meşhur brendleriň amatly toý köýnekleri - olaryň islegine jogap" diýip, WGSN kompaniýasynyň ugurlary seljermek boýunça uly strategi Ellison Ris aýdýar. Hünärmenler meşhur geýim brendleriniň esasy stilinden daşlaşman, ýaş çatynjalara modasy adaty toý eşiklerine laýyk gelýän we şahsylaşdyrylan alternatiwany hödürleseler, olaryň toý nysagy bazaryna üstünlikli girip biljekdigine ynanýarlar.