11-nji maýda soňky 20 ýylda iň güýçli magnit hadysasynyň hasaba alnandygyna garamazdan, ol elektrik ulgamlarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň we hemralaryň işinde düýpli bökdençliklere sebäp bolmady. Bu barada The Associated Press agentligi habar berýär. ABŞ-nyň Umman we atmosfera gözlegleriniň milli edarasynyň (NOAA) kosmos howasyny çaklama merkezi tebigy hadysa güýçlüligiň ýokary – G5 derejesini berdi. Soňky gezek şeýle güýçdäki magnit tupany Ýerde 2003-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy. 11-nji maýda irden SpaceX-iň Starlink hemra internetinde kiçiräk näsazlyklar ýüze çykdy. Ýöne ABŞ-nyň Adatdan daşary ýagdaýlar federasiýasy-da, ýurduň Energetika ministrligi-de haýsydyr bir uly bökdençligiň bolandygy barada habar bermedi. Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary haýran galdyryjy polýar şöhlelenmeleriniň şaýady boldular: Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Ukrainanyň, Ispaniýanyň, ABŞ-nyň, Awstriýanyň, Çiliniň we beýleki ýurtlaryň asmany benewşe, ýaşyl, sary we gülgüne reňklere boýaldy. Belläp geçsek, taryhda iň güýçli magnit tupany 1859-njy ýylda bolup geçdi. Häzirki günde ol düýpli netijelere getirip bilerdi, sebäbi şeýle hadysadan ýokary woltly elektrik liniýalary we hemralar zyýan çekerdi. Nawigasion we aragatnaşyk ulgamlarynyň işi bolsa hut şolara baglydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir