Google kompaniýasy howply gowşaklygy düzetmek üçin Chrome brauzeriniň täzelenmesini çykardy diýip, HelpNetSecurity portaly ýazýar. Kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hünärmenler Chrome-da ulanyjylaryň gurluşlarynda maglumatlara birugsat girmäge, ulgam bökdençliklerine ýa-da uzak aralykdan koduň ýerine ýetirilmegine sebäp bolup biljek CVE-2024-4671 gowşaklygyny tapdylar. Betpäl adamlar bu kemçiligi eýýäm öz maksatlary üçin işjeň ulanýarlar. Google ähli goldanýan platformalar üçin täzelenme çykardy: Windows, macOS we Linux. Windows ulanyjylary üçin täzelenme belgisi – 124.0.6367.202, Mac we Linux üçin – 124.0.6367.201. Gowşaklygyň ulanylmagy zyýanly programma üpjünçiligini gurnamak, maglumatlary ogurlamak, administratoryň hukuklary bilen täze akkauntlary döretmek ýaly çynlakaý netijelere getirip biler. Google Chrome ulanyjylaryna gurluşlary howpsuzlandyrmak üçin brauzeri mümkin boldugyndan çalt täzelemegi maslahat berýär. Bu mesele Chromium binýadynda gurlan Microsoft Edge we Brave ýaly beýleki brauzerlere-de degişlidir. Bu brauzerleri işläp düzüjiler gowşaklygy düzetmegiň üstünde eýýäm işleýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir