Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň (GDEÇ) global sarp edişdäki paýy ilkinji gezek 30,3%-e ýetdi. Muny, Ember seljeriş merkeziniň maglumatlary subut edýär. ITHome-iň habar bermegine görä, bu 2022-nji ýyldakydan 0,9% ýokary bolan rekord görkezijidir. Esasan, ýel we Gün energiýasy bilen şertlendirilen GDEÇ-iň çalt ösmegi, gazylyp alynýan ýangyçlaryň, esasan hem, gazyň we kömrüň ulanylmagynyň azalmagyna getirýär. Bu ugruň (trendiň), şeýle resurslaryň azalmagyna mümkinçilik berip, dowam etdirilmegine garaşylýar. Ýelden we Günden başga-da, gidroenergetika we bioýangyç hem GDEÇ-iň ösmegine täsir etdiler. Geçen ýyl, GDEÇ-e geçişde Hytaýyň öňdebaryjy bolandygy, bellenip geçilýär. Soňky 24 ýylda Gün energiýasynyň dünýä önümçiligindäki paýy 0,2%-den 13,4%-e çenli ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir