13-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bol pagta hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça-da taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, ýetip gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir