Apple “ugrukdyrylan sesli dakylýan enjam” - gulaklyklara (nauşniklere) alternatiwa bolup biljek we smartfonlaryň köp aýratynlyklaryny özünde saklaýan kindiwanja gysdyrgyç üçin patent aldy diýip, Mail.ru ýazýar. Gajet eşiklere dakylýar we dinamikler, mikrofonlar hem-de prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ses kömekçisi bilen habarlaşmaga, jaň etmäge, sesleri ýazga almaga, ses belliklerini etmäge (leksiýalary konspekt etmän bilersiňiz), şeýle hem "akylly öýe" gözegçilik etmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar. Patente görä, akylly gysdyrgyjyň eýesi başgalara oňaýsyzlyk döretmezden, aýdym diňläp biler. Enjam sesleri diňe ulanyjynyň gulagyna gönükdirýän ýörite dinamik bilen enjamlaşdyrylandyr, beýlekilere hiç zat eşidilmez. Enjamyň bazara haçan çykaryljakdygy entek yglan edilmedi. Apple-iň, köplenç, köpçülikleýin önümçilige girizilmeýän işläp taýýarlamalary patentleýändigini bellemelidiris. Ozal kupertinoly kompaniýanyň uly göwrümli tanyşdyryş dabarasyny geçirendigini, onda M4 çipli täze iPad Pro-ny, M2 çipli iPad Air, täzelenen Apple Pencil Pro stilusyny we Magic Keyboard klawiatura-daşlygy hödürländigini ýatladýarys.