LEGO retro stilinde işleýän radioly täze toplumy bildiriş etdi. Toplum 906 bölekden ybarat bolup, ulular üçin niýetlenendir diýip, daniýaly kompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanýan Mail.ru habar berýär. LEGO Icons seriýasyna goşulan täze önüm 1-nji iýunda satuwa çykarylar. 80-nji ýyllaryň stilindäki radiopriýomnik taryhda yz galdyran dürli simwoliki zatlary: Eýfel diňini, SLS raketasyny, “Titanik” gämisini we hatda PAC-MAN oýun awtomatyny öz içine alýan seriýa goşular. Täze toplumda antenna we iki dinamik bolar we tumblerleri we dolandyryjylary ulanyp, ýygylygy sazlap bolýar, hatda AM we FM diapazonlarynyň arasynda ondan-oňa geçip bolýar. Şeýle-de bolsa, hemme zat beýle bir ýönekeý hem däl: hakyky radio tolkunlaryň ýerine radiopriýomnik öňünden göz öňüne tutulan sazlary we ýaýlymlary goýberýär. Emma halaýan aýdymlaryňyzy diňlemek üçin ony smartfona birikdirip bolýar - toplumda munuň üçin radionyň arka tarapynda ýörite bölüm bar. Konstruktoryň bahasy 100 dollar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir