“Maýmynlar planetasy: Täze Patyşalyk” («Планета обезьян: Новое царство») filmi ABŞ-da ilkinji dynç günleriniň dowamynda 56,5 million dollar gazanyp, uly üstünlik bilen prokada başlady. Bu franşizanyň taryhynda “Maýmynlar planetasy: Rewolýusiýadan” (2014) soň, 72 million dollar bilen ikinji orny eýelän başlangyç boldy diýip, Variety ýazýar. Filmiň ilkinji hepdäniň ahyrynda dünýädäki ýygymy 129 million dollara ýetdi. 160 million dollarlyk býudjet we tankytçylaryň oňyn bahalary göz öňünde tutulsa, film ýakyn wagtlarda harajatyny ödäp biler. Filmi döredenler, hekaýany jemi dokuz bölekde aýdyp berip, azyndan, ýene bäş film çykarmagy meýilleşdirýärler. “Maýmynlar planetasy: Täze Patyşalyk” Mett Riwsiň trilogiýasynyň dowamy bolup, ol adamzadyň wagşylaşmagyny we maýmynlaryň arasynda häkimiýet ugrundaky söweşiň bolandygyny beýan edýär. Ýaş şimpanze Noa we Meý atly bir gyz maýmynlaryň we adamlaryň ykbalyny üýtgetmek üçin howply syýahata başlaýarlar. Film 10-njy maýda prokada çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir