ÄlemTV teleýaýlym operatorynyň serwis merkezi Aşgabat şäherinde G.Kuliýew köçesiniň (Obýezdnoý) ugrunda “Şirin Aý” binasynda hereket edýär. Bu ýerde ÄlemTV teleýaýlym operatorynyň müşderileri islendik görnüşdäki týunerlerini MUGT sazladyp bilerler, telekartlary açdyryp, şeýle hem çalşyp bilerler. Şeýle hem ÄlemTV-niň müşderileri şu hyzmatlary alyp bilerler: ÄlemTv IP hyzmatyny gurnamak hem-de töleg etmek; AlemTv kartyny gurnamak; AlemTv kartyna töleg etmek; Antennalary täzeden gurnamak, sazlamak; Edara-binalaryna, iş merkezlerine, ofislere, şeýle hem köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna teleýaýlymlar hyzmatyny gurnamak; Iş görnüşini müşderiniň islegine göra gurnamak; Hyzmaty gurnamak üçin gerek bolan enjamlar ýa-da harytlaryň ählisini alyp barmak; Çylşyrymly işleriň ählisiniň çözgüdini tapmak hem-de düzetmek; Serwis merkezi ýerine ýetiren işiniň ählisine hil kepilligini berýär. Mundan başga-da täze ulanyjylar ÄlemTV teleýaýlym operatorynyň hyzmatlaryny gurnamak bilen bagly islendik soraglary bilen bu serwis merkezine ýüz tutup biler. Hyzmat diňe Aşgabat şäheriniň çäginde - Änew-Büzmeýin aralygynda elýeterlidir. Iş wagty: 09:00-dan 20:00-a çenli. Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, 56 “Şirin Aý” 2-nji gat. Habarlaşmak üçin telefonlar: 20-88-22; 20-88-44; +99362 01-99-98. «ALEMTV» teleýaýlymlaryň kepillikli hyzmaty!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir