Iň täze Toyota Camry 2025 diňe bir köp sanly tehnologiki gowulandyrmalara eýe bolman, eýsem, öňküsinden has güýçli hem-de arzan boldy. IXBT-iň maglumatlaryna görä, esasy üýtgeşiklik - benzin hereketlendirijilerinden ýüz öwrülmegidir - indi Camry 2025-iň ähli modelleri gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr, ýagny olar 2,5 litrlik benzin hereketlendirijili we iki (öň tekeri hereketliler üçin) ýa-da üç (tekerleri doly hereketliler üçin) elektrik hereketlendirijili. Ulgamyň umumy güýji öň tekeri hereketliler üçin 225 at güýji we ähli tekeri hereketli modifikasiýa üçin 232 at güýji. Mundan hem başga, Camry 2025 has tygşytly boldy. ABŞ-da täzelenen model geçen ýylky Camry Hybrid SE-den has özüne çekiji şertlerde karzyna almak üçin elýeterlidir: deslap 2999 dollar geçirmek bilen, aýda 359 dollardan 36 aýyň dowamynda töläp bolýar (Günorta Kaliforniýa üçin). Täze Camry-niň käbir komplektasiýalarynyň bahalarynyň hem arzanlandygyny bellemelidiris. LE-iň esasy wersiýasynyň bahasy indi 28 400 dollardan (geçen ýyl 28 855 dollardan), XLE-niňki bolsa 33 400 dollardan (geçen ýyl 33 745 dollardan) başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir