Italiýaly geolog we utgaşyklylykda Galkynyş eýýamynyň sungaty öwrenijisi Anne Pissorusso Leonardo da Winçiniň meşhur “Mona Liza” eserini çeken ýerini tapyp bilendigini öňe sürdi diýip, The Guardian gazeti ýazýar. Hünärmen kartinanyň arka fonundaky peýzažy ençeme ýyllap öwrendi we onuň hakyky sebitdigini - Italiýanyň demirgazygyndaky Komo kölüniň kenaryndaky Lekko kommunasynyň şekillendirilendigini tassyklaýar. Hünärmen Da Winçi bu ýerlere, takmynan, 500 ýyl ozal baryp görüpdir diýip belleýär. "Meňzeşlikleri inkär edip bolmaýar" - diýip, Pissorusso ýeri dogry tanamakda geologiýa bilimindäki tejribesine daýanyp aýdýar. "Geologlar kartinalara, sungaty öwrenijiler geologiýa seretmeýärler – diýip ol düşündirmegini dowam edýär. - Sungaty öwrenijiler Leonardonyň elmydama hyýalyny ulanandygyny aýdýarlar, ýöne islendik geolog meniň çaklamalarymy tassyklar. Meňzeşlikleri hatda geolog bolmadyk adamlar hem görüp biler".

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir