Ferrari kompaniýasy mart aýynda geljekki elektromobillerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasajak gurluşlar bilen bagly iki patent üçin ABŞ-nyň Patent edarasyna ýüz tutdy. Bu barada Motor Authority neşiri habar berýär. Patentleriň biri üç motory, ses generatorlary we sesi gönüden-göni salona ugrukdyrjak goşmaça kanallary bolan elektromobiliň gurluşyny görkezýär. Şeýle çemeleşme sürüjä awtomobiliň işleýşini we onuň dinamiki aýratynlyklaryny has gowy duýmaga mümkinçilik berer, bu bolsa öz gezeginde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglary sürmek ýaly duýgyny döreder. Ikinji patent sesi emele getiriş usuly bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda ses awtomobilde ýerleşdirilen ýörite rezonatorlardan geçýän howa akymlary bilen döredilýär. Howa radiator gözenegi ýa-da awtoulagyň aşagynda ýerleşýän howa kabul edijisi arkaly alnyp bilner. Bu çemeleşme ulag serişdesiniň hereketi bilen daşky gurşawyň özara täsiriniň netijesindäki sesi döretmäge mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir