Özüniň ses enjamlary bilen tanalýan Technics firmasy we Y-görnüşli elementli, superkar öndürýän Lamborghini özboluşly winil plastinkalaryny oýnadýan enjamy döretmek üçin birleşdiler diýip, auto.ru ýazýar. DJ-leriň arasynda meşhur bolan model Technics SL-1200MK7-iň ýörite wersiýasy, Y-görnüşli elementli Lamborghini stilindäki dizaýny aldy. Enjam Lamborghini palitrasyna gabat gelýän, 3 reňkde bolar: mämişi, ýaşyl we sary. Hyzmatdaşlygyň esasy 12 silindrli “Lamborghini” hereketlendirijileriniň sesleriniň ýazgylary bolan winil plastinkasy boldy. Winil alty sany nyşanly modeliň sesini öz içine alýar - 400GT 2+2, Miura SV, Countach 25th Anniversary, Diablo 6.0 SE, Murcielago LP 640 we iň täze Revuelto. Bularyň hemmesi, diňleýjileri Lamborghini hereketlendirijileriniň dünýäsine alyp gidýärler. Plastinka diňlemä nostalgiki atmosferany goşýan, Lamborghini-niň aýlanýan tekeriniň şekili bilen bezelen. Plastinkalaryň toplumy üçin sargytlar eýýäm açyk, ýöne onuň bahasy entek aýan edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir