OpenAI kompaniýasy GPT-4o generatiw emeli intellektli dil modeliniň täze wersiýasyny hödürledi. Modeliň täze we has ösen görnüşi söz tekst we wideo bilen işlemäge ukyplydyr. Muny onuň adyndaky "o", ýagny "omni" (latynça "giňişleýin") gysgaltmasyny aňladýan, harp görkezýär diýip, TechCrunch kompaniýanyň web sahypasyna salgylanyp, habar berýär. GPT-4o, ses isleglerine ortaça 320 millisekuntda jogap berýär, bu adamyň gürrüňde jogap bermek wagty bilen deňeşdirilýär. “GPT-4o ses, tekst we görüş bilen işläp bilýär. Bu diýseň möhüm, sebäbi biz, biziň we maşynlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljegine seredýäris "-diýip OpenAi-ň tehniki direktory Mira Murati 13-nji maýda, San Fransiskoda OpenAI-ň ofisinde eden çykyşynda beýan etdi. Işleýiş nukdaýnazaryndan täze model GPT-4 Turbo bilen gabat gelýär, ýöne şol bir wagtyň özünde “şekile we sese düşünmekde aýratyn ökdedir” diýlip, OpenAI-da nygtalýar. GPT-4o 50 dilde erkin gürleýär we 13-nji maýdan başlap ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Häzirlikçe modeliň ses funksiýalary diňe “ynamdar hyzmatdaşlaryň kiçiräk topary” üçin elýeterli bolar, ýöne tölegli abonentler olary, eýýäm iýun aýynda ulanyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir