14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Iki döwletiň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowy bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy. Serdar Berdimuhamedow sammitiň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýle hem geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Endo Toşiaki hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny bu sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir