14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutany myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. “Siz Türkmenistanyň öňden gelýän hakyky dosty bolup durýarsyňyz. Siz köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara işjeň gatnaşýarsyňyz, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, 15 ýyl mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleri, Wena ballary, beýleki medeni-ynsanperwer çäreler bar. Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman pursatdan peýdalanyp, ýubileý ýaş toýuna berlen gymmatly sowgat — Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş sözi bilen başlanýan we dört dilde — türkmen, rus, nemes, iňlis dillerinde çap edilen öz goşgular kitaby üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir