DigiTimes-iň habar bermegine görä, Apple we Samsung eplenýän enjamlary ösdürmek barada şertnama baglaşdy. Jikme-jiklikler entek aýan edilmese-de, bu şertnama Apple-iň eplenýän enjamlar dünýäsine äden möhüm ädimi boldy. Mundan ozal insaýderler Apple-iň ilkinji eplenýän önümi boljak MacBook-yň 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda peýda boljakdygyny habar beripdiler. Ondan soň 2026-njy ýylda eplenýän iPhone çykmaly. Samsung bilen baglaşylan şertnamada günorta koreýaly ägirdiň Apple-iň eplenýän displeýleriniň esasy üpjünçisi boljakdygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, Apple bu ugurda beýleki hyzmatdaşlary bilen hen hyzmatdaşlygy ýola goýup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir