Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet baştutany wezipesine Mihail Mişustini bellemek barada Permana gol çekdi. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär. “Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasynyň “a” punktyna laýyklykda, Mişustin Mihail Wladimirowiçi Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy wezipesine bellemeli” – diýlip habarda aýdylýar. Perman gol çekilen gününden güýje girýär. Mişustin RF-iň hökümet baştutany wezipesine ikinji gezek bellenildi. Ol ilkinji gezek bu wezipäni 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda, Dmitriý Medwedewiň ikinji ministrler kabineti işinden aýrylanda eýeledi. Mişustiniň dalaşgärligi öň Döwlet dumasy tarapyndan tassyklandy. Indi ol Prezidentiň Permany bilen resmi taýdan bellenilenden soň, ministrler we wise-premýerler wezipelerine dalaşgärleri hödürlemeli – olar hem parlamentiň aşaky palatasy tarapyndan gözden geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir