OpenAI-ny esaslandyryjy we ChatGPT-ni döredijileriň biri bolan Sem Altman emeli aňyň (AI) ýakyn wagtda iş ýerleriniň azalmagyna sebäp bolup biljekdigi baradaky howatyrlanmanyň esassyz däldigini aýtdy. Altman: "Häzir meni hemme zatdan beter sosial-ykdysady üýtgemeşleriň nähili tizlikde we gerimde bolup geçjekdigi, onuň ýetirjek täsiri alada goýýar" - diýdi. AI häzirki wagtda adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän köp sanly wezipeleri awtomatlaşdyryp, dürli pudaklarda iş orunlarynyň ýapylmagyna sebäp bolup biler diýip hasaplaýar. "Geljekde bu meseläniň nähili çuňlaşjakdygyna düşünmeris öýdüp gorkýaryn we bu diýseň uly, juda oýlanyşdyrýan mesele" – diýip, ol belleýär. Halkara walýuta gaznasynyň (HPG) şu ýyl geçiren barlagy Altmanyň howatyrlanmalaryny tassyklaýar. Onda ösen ýurtlardaky işleriň 60%-ine çenlisine ösen AI tehnologiýalarynyň täsir edip biljekdigi we olaryň ýarysynyň diýen ýaly doly awtomatlaşdyrylmagynyň mümkindigi aýdylýar. Beýleki birnäçe hünärmenler hem AI-iň zähmet bazaryna ýetirip biljek ýaramaz täsiri barada duýduryş beripdiler. Geçen ýyl Altman CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda käbir işlerde adamlaryň ornuny tutjak ChatGPT-den "birneme gorkandygyny" boýun alypdy. Käbir kompaniýalaryň ýolbaşçylary öndürijiligi we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin eýýäm käbir iş ýerleriniň emeli aň bilen çalşylandygyny tassykladylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir