Warner Bros. Discovery kompaniýasy “Ýüzükleriň hökümdarynyň” («Властелин колец») älemine esaslanýan täze filmi bildiriş etdi. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak” («Властелин колец: Охота на Голлума») diýlip atlandyrylýan bu film J.R.R.Tolkiniň eserleri esasynda döredilen täze franşizanyň bir bölegi bolar diýip, Variety habar berýär. Filme Piter Jeksonyň trilogiýasyndaky keşbi bilen tanalýan Endy Serkis režissýorlyk eder we baş keşbi janlandyrar. Filmiň edebi esasy ýazylyp başlandy. Warner Bros. Discovery-niň ýolbaşçysy Deýwid Zaslawyň sözlerine görä, ol "entek aýdylmadyk hekaýatlary" gürrüň berer. Asyl trilogiýanyň döredijileri Piter Jekson, Fren Uolş we Filippa Boýens ýerine ýetiriji prodýuserler bolar. “Ýüzükleriň hökümdary: Gollum awlamaga çykmak” 2026-njy ýylda çykarylar. Bu Warner Bros.–yň Ortaýere dolanmaga birinji gezek synanyşyşy däl. 2012-2014-nji ýyllarda Jekson “Hobbit” trilogiýasyny çykardy. Bu ýyl bolsa “Ýüzükleriň hökümdarynyň” janköýerlerine Prime Video akym hyzmatynda goýberiljek “Häkimiýet ýüzükleri” serialynyň ikinji möwsümi garaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir