Islandiýada Ýeriň atmosferasyny hapalaýjy maddalardan arassalamak boýunça dünýäde iň uly zawod işläp başlady. Bu barada ixbt.com habar berýär. Mammoth atly fabrika atmosferadan kömürturşy gazyny göni tutýan ikinji täjirçilik desgasydyr. Ol Climeworks kompaniýasy tarapyndan guruldy we bu 2021-nji ýylda açylan birinji fabrikadan 10 esse uludyr. Mammoth howadan kömürturşy gazyny sorup alyp, ony Ýeriň astyna goýberýär. Desga atmosferadan ýylda 36 000 tonna uglerody aýryp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da şu ýylyň ahyrynda ýylda 500 000 tona aýryp biljek fabrikany işe girizmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, käbir ekologlar şeýle desgalary netijesiz, gymmat hasaplap, olaryň diňe zyňyndylary azaltmak meselesinden ünsi sowýandyklaryny belleýärler. Climeworks takyk mukdary aýtmaýar, ýöne atmosferadan aýrylýan her tonna kömürturşy gazynyň 100 dollara däl-de, 1000 dollara golaýdygyny belleýär. Tehnologiýanyň köpçülikleýin we işjeň bolmagy üçin bolsa tonna üçin 100 dollar soňky görkeziji hasaplanýar. Kompaniýa bir tonna üçin 100 dollar maksadyna, takmynan, 2050-nji ýyla çenli ýetip biljekdigini aýdýar. Şeýle-de belläp geçsek, alymlar global klimat maksatlaryna ýetmek üçin her ýyl atmosferadan 70 mln tonna kömürturşy gazyny aýyrmalydygyny belleýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir