Hytaýda “bulut şaglawugy” diýlip atlandyrylýan seýrek tebigy hadysa bolup geçdi. Goýry bulutlar dag gerşiniň üsti bilen aşak inip, suw akymyny ýada salýardy diýip, 9Trevel portaly habar berýär. Şeýle seýrek hadysa daglarda howanyň temperaturasynyň birden pese gaçmagy we güýçli ýel netijesinde bolup geçýär. Belentlikdäki bulutlar eňňide tarap eňýärler, soňra grawitasiýanyň täsiri bilen eňňitden aşak inýärler. Ýöne jülgedäki temperaturanyň daglardaky temperatura garanda has ýokarydygy sebäpli, şeýle “şaglawuk” Ýere degen badyna ýitmek bilen bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir