BMW M4 CS kupesiniň täze modifikasiýasyny hödürledi - sport awtoulagy öňküsinden has güýçli we ýeňil boldy. Täze önüm 550 at güýji (soňky sapar gaýtadan işlenenden soň adaty M4 Competition-iňkiden 20 at güýji köp ) 3,0 litrlik turbo hereketlendirijisini aldy. Ol sportkara 100 km/sag tizlige 3,4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär we iň aňrybaş tizligi sagatda 302 km. Kuzowynda uglerod elementleriniň we titan tüsseçykaryň ulanylmagy netijesinde täze önümiň agramy öňki wersiýa bilen deňeşdirilende 20 kg azaldy. M4 CS-iň adaty komplektasiýasyna adaptirlenen asgyç, öň tarapynda 19 dýuýmlyk we arka tarapda 20 dýuýmlyk süýlüp ýasalan tekerler, şeýle hem M Carbon oturgyçlary bilen gelýär. M4 CS 2024-nji ýylyň iýul aýynda öndürilip başlanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir