“Google Habarlar” programmasy ulanyjylara gysga, yzygiderli wideo habarlaryny ibermäge mümkinçilik berýän “GIF Selfi” aýratynlygy peýda bolar diýip, Android Authority habar berýär. Täze aýratynlyk smartfonyň öň ýa-da esasy kamerasynda ýazgy edilen üç sekuntlyk wideodyr. “GIF selfini” döretmek üçin çaty açmaly, habarlar panelinde kameranyň nyşanyna barmagyňy degirmeli we saklamaly, soňra bolsa wideony ýazgy etmeli. Tamamlanan “GIF selfi” enjamyň galereýasynda awtomatiki usulda saklanýar we redaktirläp bolmaýar. Täze aýratynlyk häzirki wagtda diňe “Google Habarlaryň” beta wersiýasynda elýeterlidir, ýöne ýakyn wagtda ähli ulanyjylara elýeterli bolmagyna garaşylýar. “GIF selfiniň” 14-nji maýda başlanjak Google I/O 2024 konferensiýasynda hödürlenmegi mümkin.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir