Netflix-iň striming (akym) hyzmaty Roald Dalyň meşhur "Çarli we şokolad fabrigi" kitabyndan ylham alan täze aşpezlik realiti-şounyň döredilendigini habar berdi. Taslamanyň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi, ýöne şou-gepleşigiň süýjülikleri taýýarlamak bilen baglanyşykly bäsdeşlik synaglaryna esaslanjakdygy mälim diýip, Deadline habar berýär. Netflix-iň Dalyň döredijiligine ýüzlenmegi ilkinji gezek däl. 2021-nji ýylda platforma ýazyjynyň ähli eserlerine hukuk gazandy we geçen ýyl Wes (Ues) Anderson onuň kitaplary esasynda režissýorlyk eden dört sany gysga filmlerini çykardy. Olardan biri, ýagny “Genri Şugaryň ajaýyp hekaýasy” filmi Oskar baýragyna eýe boldy. Täsin şokolad magnaty Willy Wonkanyň we onuň jadyly zawodynyň hekaýasy 1971, 2005 we 2023-nji ýyllarda birnäçe ekranizasiýa alandygyny ýatladýarys. Wonkanyň keşbini dürli wagtlarda Jin Waýlder, Jonni Depp we Timoti Şalame ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir