Italiýanyň “Meduza” elektron triosy, “Grammy” baýragyna dalaşgär amerikan pop-rok topary “OneRepublic” we germaniýaly aýdymçy Leony 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň resmi aýdymyny hödürlediler. Bu barada UEFA-nyň saýtynda habar berilýär. Aýdym “Fire” (“O:t”) diýlip atlandyrylýar. Janköýerler bu aýdymy 14-nji iýulda Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçiriljek Ýewro – 2024-iň finaly başlamazdan ozal üç artistiň janly ýerine ýetirmeginde diňläp bilerler. “Futbol we aýdym-saz adamlary birleşdirip bilýär. Men Ýewro – 1996 barada oýlanamda, kellämde “Futbol öýe gaýdyp gelýär” aýdymy ýaňlanýar. Biz Ýewro – 2024-de Ýewropanyň köpdürlüligini bellemek we bitewilik duýgusyny güýçlendirmek isleýäris. Gowy sport we owadan aýdym-saz bize “Fire” aýdymy bilen tomsy duýmaga kömek eder” – diýip, Ýewro – 2024-üň ýaryş müdiri we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Filipp Lam belledi. Ýewro – 2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler. Ýewro-2024-iň resmi aýdymyny Aydym.com portalyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir