Huawei Android operasion ulgamyny (OS) öz smartfonlarynda ulanmagy düýbünden bes etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Geçiş Huawei-iň öz OS-y bolan “HarmonyOS Next-iň” peýdasyna amala aşyrylar diýip, IXBT ýazýar. “HarmonyOS Next” şu ýylyň oktýabr aýynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilen Mate 70 smartfonlarynyň flagman seriýalary bilen bilelikde ilkinji gezek çykar diýlip garaşylýar. Nikkei Asia-nyň berýän maglumatyna görä, “HarmonyOS Next-iň” “Android-den” birnäçe artykmaçlygy bar. Birinjiden, Huawei-iň täze OS-y enjam ýadyny üç esse köp ulanýar. Ikinjiden, enjamda AI bilen işlemek optimallaşdyrylýar, ýöne “Android” hem bu babatda yza galanok. Geçen aý Huawei, HarmonyOS Next-da eýýäm 4000 programmanyň bardygyny we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 5000-e ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir