Hytaý dünýäniň islendik ýerinde ýokary tizlikli internete girmek üçin döredilen ägirt uly internet hemralarynyň ulgamy bolan SkyNet-iň gurluşygyna başlady. Şu maksat bilen 9-njy maýda ilkinji Zhihui Tianwang-01 (Smart SkyNet-01) synag emeli hemrasy ýurduň günorta-günbataryndaky Siçan kosmodromyndan üstünlikli uçuryldy diýip, scmp.com. habar berýär. SkyNet tory Hytaýyň Aerokosmos ylmy-tehnologiýa korporasiýasy (CASC) tarapyndan işlenip düzülýär we onuň “bütin dünýäde görünmeýän zolaksyz şahsylaşdyrylan giň zolakly tor hyzmatlaryny” hödürlemegine garaşylýar. Orbita jemi 16 ýa-da 32 SkyNet hemrasyny çykarmak meýilleşdirilýär, olar 20 müň km belentlikde ýerleşip, SpaceX-iň Starlink hemralarynyň orbitasyndan 40 esse ýokarda ýerleşer. Bu has giň gurşawy üpjün eder, ýöne signalyň gijigip gelmegine getirer, emma geçiriş ukybyna kän bir täsir etmez. SkyNet beýleki iki aragatnaşyk hemra ulgamy bilen bilelikde işlär: GuoWang we G60 Starlink. Olaryň her biri pes Ýer orbitasyndaky 12 000 hemradan ybarat bolar. Deňeşdirmek üçin Starlink, esasanam bäsdeşlik ýoklugy sebäpli, 220 Mbit/s tizlikli 6000 hemra ulanyp, kosmosdan internet hyzmatyny üpjün edýär. CASC infrastrukturasyny çalt giňeltmegi we 2025-nji ýyla çenli 500 Gbit/s tizlige ýetmegi meýilleşdirýär. Hytaýyň ýüz tanamak arkaly raýatlary yzarlaýyş ulgamyna hem SkyNet diýilýär, ýöne häzirki wagtda Ýer we kosmos ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşyk belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir