Düýbi Londonda ýerleşýän Cityshuttle start-apy sürüjisi pedaly aýlamaly bolan dünýäde ilkinji elektrik awtoulagyny çykardy. ePack diýlip atlandyrylýan täze önüm eltip berme hyzmatlarynda awtoulaglaryň, skuterleriň we welosipedleriň ornuny tutmaga niýetlenendir diýip, Mail.ru ýazýar. ePack 250 wattlyk elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ulagyň tizligini sagatda 25 km-ä ýetirýär. Pedallar agyr ýük daşalanda motora kömek etmek üçin ulanylýar. Batareýa bir gezek berlen zarýad 60-100 km-e sürmek üçin ýeterlik, iň ýokary ýük göterijiligi 350 kg, tirkeg göwrümi 4000 litr. Ýük awtoulagynyň welosiped ýodalaryndan we pyýada ýörelgelerinden hereket etmäge mümkinçilik berýän 6 tigri, ortaça galyňlygy (900 mm) we 5 metr uzynlygy bar. ePack-iň ilkinji prototipleriniň korpusy aýna süýmünden ýasalýar, ýöne geljekde Cityshuttle gaýtadan işlenen plastmassa geçmegi meýilleşdirýär. Tirkegiň gapdal tarapynda mahabat görkezmek üçin QLED ekrany bar. ePack eýýäm Londondaky käbir eltip berme hyzmatlary tarapyndan ulanylýar. Öňümizdäki 2 aýda başlangyç täze hyzmatdaşlaryna elektrik ýük ulaglaryny etmegi meýilleşdirýär we ýylyň ahyryna çenli ePack taksi hyzmatlarynyň bir bölegine öwrüler. Cityshuttle ePack-leri satmaýar, diňe kärendesine berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir