NASA Aýyň üstünde ýük daşamak üçin täze ulag ulgamyny işläp düzendigini habar berdi. Taslama Robotic Lunar Surface Operations 2 (RLSO2) maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler diýip, HotHardware salgylanýan 3DNews ýazýar. FLOAT (Flexible Levitation on a Track – trekde erkin lewitasiýa) diýlip atlandyrylýan Aý “demir ýoly” düşünjesi üstünden ýükli arabalar lewitirlenjek çeýe üç gatly kemeriň ulanylmagyny öz içine alýar. Lentanyň birinji gaty lewitasiýa, ikinjisi - arabalaryň hereketiniň dolandyrylyşyna, üçünjisi bolsa (islege görä) elektrik energiýasynyň öndürilişine jogapkär bolar. FLOAT ulgamy her araba sagatda 1,6 km/sag tizlikde günde 100 tonna çenli material daşamaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda taslama Aý landşaftyna öýkünilip synag ediljek prototipleri işläp düzmek tapgyrynda. NASA-dan başga-da, 2024-nji ýylyň martynda DARPA bilen şertnama baglaşan Northrop Grumman hem Aý ulag ulgamyny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir