Microsoft kompaniýasy Word-da işlenilende tekst goýlanda formatirleme bilen bagly, köpden bäri dowam edip gelýän meseläni çözýän täzelenme çykardy. Bu barada 3DNews habar berýär. Şu wagta çenli tekst başga bir çeşmeden göçürilende Word resminamasyndaky tekstiň formaty, köplenç, gabat gelmän ulanyjylar üçin oňaýsyzlyk döredýärdi. Word-yň täze wersiýasynda ulanyjylar girizilen tekstiň şriftiniň, ululygynyň we reňkiniň deslapky resminamadaky tekstiň stiline awtomatiki laýyk gelmegini üpjün edýän “Formatirlenmeleriň goşulyşmalary” opsiýasyny saýlap bilerler. Bu ýagdaýda esasy stilden tapawutlanýan elementler (kursiwler, sanawlar) hem üýtgemän saklanar. Täze opsiýa Windows üçin Word 2405-de bar, emma web ýa-da Mac wersiýalarynda entek ýok. Bu aýratynlygy işjeňleşdirmek üçin "Faýl" menýusyna girip, "Parametrleri" saýlamaly we "Goşmaça" bölümine geçmeli. Açylan penjirede “Kesmek, göçürmek we goýmak” bölümini we “Beýleki programmalardan goýmak” opsiýasyny tapmaly.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir